Turkmenportal logo
21.02.23
2068820688
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Stafano Pioli Italiýanyň çempionatynyň geçen möwsüminiň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi
Stafano Pioli Italiýanyň çempionatynyň geçen möwsüminiň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi

«Milanyň» baş tälimçisi Stefano Pioli geçen möwsümiň netijeleri boýunça Panchina d’Oro baýragyna mynasyp boldy, diýip «Matç TW» ýazýar.


Bu baýrak ýörite ses berlişigiň esasynda her ýyl ýurduň iň gowy tälimçisine berilýär.


Bu baýraga Pioliden başga «Napoliniň» baş tälimçisi Luçano Spalletti bilen «Salernitananyň» ozalky tälimçisi Dawid Nikola hem dalaşgär görkezilipdi.


«Milanyň» geçen möwsümde Pioliniň ýolbaşçylygynda 11 ýyllyk arakesmeden soň Italiýanyň çempiony bolandygyny ýatladýarys.