Soňky habarlar

Arhiw

«Trabzonspor» Ýewropa ligasynyň 1/16 finalyndaky duşuşykdan gelen ähli girdejileri Türkiýedäki ýer titremesinde ejir çekenlere bagyşlady

09:4821.02.2023
0
17152

«Trabzonspor» futbol kluby Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyrynda öz meýdanynda geçirilen duşuşykdan gelen girdejiniň ählisini ýer titremesinde ejir çekenlere bagyşlady. Bu barada «Matç TW» habar berýär.

Klubyň metbugat gullugynyň ýazyşy ýaly, Şweýsariýanyň «Bazel» topary bilen geçirilen duşuşykda gazna 328 müň 455 dollar girdeji girdi. Bu girdejileriň ählisi AFAD-yň hasabyna geçirildi. Duşuşygyň türk toparynyň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlanandygyny ýatladýarys.

6-njy fewralda Türkiýede beýikligi 7 balldan hem ýokary ýer titremesi boldy. Onuň merkezi Kahramanmaraş welaýatydyr. Soňky maglumatlara görä, heläkçilikde 41 156 adam aradan çykdy, 105 505 adam bolsa agyr ýaralandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň