Soňky habarlar

Arhiw

Şu ýyl Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

19:4720.02.2023
0
49248
Şu ýyl Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň täze bellenilen bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýan bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň başynda ilçi iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlan wagtyndan bäri medeni-gumanitar ugrundaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejede alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň arasyndaky bu gatnaşyklary has-da ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti – Ýerewan döwlet uniwersitetiniň, şeýle hem iki dostlukly döwletiň Oba hojalyk institutlarynyň arasynda eýýäm bar bolan Ylalaşyklara üns bermek bilen, iki döwletiň ykdysadyýet institutlary we konserwatoriýalarynyň arasynda Ylalaşyklaryň taslamalaryna seredilýändigi bellenildi. Şeýle hem, häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Medeniýet we sungat çygrynda hyzmatdaşlyk etmek babatynda Maksatnama gol çekilmegine garaşylýar

Ilçi M.Aýazow beýleki pudaklar bilen bir hatarda Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministrligi bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we bu ugurda türkmen tarapynyň başlangyçlaryny goldaýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda Türkmenistanda Ermenistanyň medeniýet günleriniň geçirilendigini bellemek bilen, ilçi aşgabatlylaryň we onuň myhmanlarynyň sergileriň, konsertleriň üsti arkaly ermeni medeniýeti bilen ýakyndan tanyşandyklaryny belledi. Şu nukdaýnazardan ilçi şu ýylyň dowamynda Ermenistanda Türkmenistanyň medeniýet günlerini geçirmegi teklip etdi. Ilçiniň bu teklibini ministr Ž.Andreasýan dolulygyna goldady.

Duşuşygyň dowamynda ilçi bu medeniýet günleriniň çäklerinde türkmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara maslahatyny we konserti geçirmegi teklip etdi we şol bir wagtda 2024-nji ýylda Türkmenistanda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berdi.

Duşuşykda taraplar iki döwletiň degişli edaralary bilen bilelikdäki ylmy-barlag maksatnamalaryny durmuşa geçirmek arkaly ylym pudagynda hem hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýän etdiler. Şunuň bilen baglylykda ilçi M.Aýazow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Ermenistan Respublikasynyň seýsmologiýa we fizika institutynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň Ylymlar gününe bagyşlanyp geçirilýän maslahatlarda we tegelek stollarda ermeni alymlarynyň yzygiderli gatnaşýandyklaryny aýratyn belledi. Ilçiniň bellemegine görä, şeýle işjeň hyzmatdaşlyk, täze maksatnamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin örän ähmiýetlidir.

Duşuşygyň barşynda şeýle hem iki döwletiň arasynda sport pudagynda hyzmatdaşyk etmek meselelerine hem üns berildi. Ilçi türkmen türgenleriniň, esasan hem, agyr atletikaçylaryň we suwda ýüzmek boýunça türgenleriň Tokioda geçirilen Olimpiadadan öň Ermenistanyň sport toplumlarynda okuw-türgenleşik sapaklaryny geçendigini belledi. Şeýle hem küşt boýunça onlaýn ussatlyk sapaklarynyň geçirilendigi bellenildi. Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan her ýylda Bütindünýä welosiped gününi bellemek boýunça çäreleriň geçirilýändigini hem nygtady.

Ministr öz gezeginde, häzirki wagtda Ermenistanda halkara bäsleşiklerini we turnirlerini geçirmek boýunça syýasatyň alnyp barylýandygyny belledi. Şol bir wagtda sportuň ähli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini Ermenistanyň sport toplumlarynda yzygiderli okuw-türgenleşik okuwlaryny geçmäge çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi ministre türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň ermeni dilindäki neşirini gowşurdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň