Turkmenportal logo
20.02.23
5001750017
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropa Bileleşiginde tozan kompaniýalaryň sany artdy
Ýewropa Bileleşiginde tozan kompaniýalaryň sany artdySurat: google.com

Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda geçen ýylyň dördünji çärýeginde batan kompaniýalaryň rekord derejedäki sany hasaba alyndy diýip, TASS habar berdi.


Bu 2015-nji ýyldan bäri synlamalaryň dowamynda iň ýokary derejedir. Ýewropanyň Statistika edarasynyň maglumatlaryna görä, geçen ýylyň oktýabr-dekabr aýlary aralgynda tozandygy barada arza bilen ýüz tutýan ýerli kompaniýalaryň sany görnetin artdy.


Eger üçünji çärýek döwür bilen deňeşdirilende, batan kompaniýalaryň sanynyň 26,8 göterim köpelendigi bellenýär.


Ýewrostat edarasy şeýle-de birleşigiň çäklerinde batýan kompaniýalaryň sanynyň eýýäm dört çärýek döwür bäri artýandygyny habar berdi diýip, “Belta.by” ýazýar.