Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjan Baku — Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça gämili ýük gatnawlaryny arzanladýar

16:2820.02.2023
2
56681

2023-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, «Azerbaýjanyň Kaspi deňiz gämi ýük gatnawy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Baku — Türkmenbaşy— Baku ugry boýunça awtomobilli ýükleriň gämiler arkaly daşalyşynyň bahasyny arzanladar. Bu barada «Sputnik» ýazýar.

Gämiler arkaly adaty ýük awtomobili (uzynlygy 16,5 metr) Baku — Türkmenbaşy we Türkmenbaşy — Baku birtaraplaýyn ugra indi 1 müň 72 dollardan däl-de, 1 müň amerikan dollary nyrhynda daşalar.

Öňünden petek satyn alynan ýagdaýynda nyrhlar ozalky ýaly 1 müň 716 dollar bolman, 1 müň 600 dollar bolar.

Eger ulaglaryň uzynlygy 16,5 metrden köp ýa-da ondan az bolsa, bu ýagdaýda nyrhlaryň ulaglaryň uzynlygyna görä hasaplanýandygy bellenilýär.

Fewral aýynyň başyndan bäri ýeňil awtoulaglary bu ugurda arzanladylan nyrhlarda daşaldy. Häzirki wagtda awtoulagy daşamak ozalky ýaly 325 dollar däl-de, 200 dollar bolar.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, nyrhlaryň arzanlamagy Hazaryň üsti bilen Türkmenistana tarap ýükleri daşamak üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Oraz97 ( 20.02.2023 )

Turkmenbasy baku adam gatnawlary hacan dikeldilerka hawar barmyka?)

0