Soňky habarlar

Arhiw

Meşhur italýan dirižýory Klaudio Wandelliniň gatnaşmagynda Aşgabatda nusgawy saz eserleriniň konserti geçiriler

16:2220.02.2023
0
30605

25-nji fewralda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda meşhur italýan dirižýory Klaudio Wandelliniň we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti geçiriler.

Konsertiň meýilnamasynda Antonin Dworžagyň, Klod Debýussiniň, Gektor Berliozyň dünýä belli eserleri bar.

Konsert Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, şeýle-de Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçiriler. Konsert 15:00-da başlaýar.

Klaudio Wandelli Pan-Kawkaz ýaşlar orkestriniň ýolbaşçysydyr. Ol 2023-nji ýylda «Tsinandali Festiwalyna» gatnaşjak topar üçin ýaş türkmen sazandalaryny saýlamak üçin Aşgabat şäherine geldi.

Belläp geçsek, geçen ýyl Gruziýada her ýyl dünýä nusgawy aýdym-saz ýyldyzlary bilen bilelikde geçirilýän «Tsinandali Festiwal» atly festiwala ilkinji gezek dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri gatnaşyp, baýrakly orna mynasyp bolmagy başardy. Türkmen sazandalarynyň festiwala gatnaşmagy baradaky başlangyç Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan amala aşyryldy.

Festiwalyň müdirliginiň karary bilen Türkmenistan 2023-nji ýyldan bäri «Tsinandali Festiwalynyň» Pan-Kawkaz ýaşlar orkestriniň hemişelik agzasy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň