Top.Mail.Ru

Arhiw

«Gazpromyň» başlygy Miller: rus gazynyň Aziýa bazarynda uly geljegi bar

15:1420.02.2023
0
46411
«Gazpromyň» başlygy Miller: rus gazynyň Aziýa bazarynda uly geljegi bar
Surat: rus.team

Russiýa Federasiýasynyň «Gazprom» döwlet edarasynyň başlygy Alekseý Miller kompaniýanyň rus gazy üçin Aziýada uly geljegi bolan bazary görýändigini belledi, onuň sözlerine görä, häzir Aziýa iň çalt ösýän bazar bolup durýar. Bu barada ol «Rossiýa 1» teleýaýlymyna beren interwýusynda gürrüň berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

«Biz Aziýa bazarynyň häzirki wagtda iň çalt ösýän bazardygyna oňat düşünýäris. Çig malyň sarp edilişi bu ýerde ýokarlanýar, bu rus gazy üçin örän bähbitlidir» diýip, Miller belledi.

Häzirki wagtda «Gazprom» Hytaýa «Sibiriň güýji» turbageçirijisi arkaly gaz iberýär. 2022-nji ýylyň jemleri boýunça bu gaz geçiriji arkaly «mawy ýangyjyň» 15,4 milliard kubmetri eksport edildi.

Öň Miller Russiýada tebigy gazyň gorlarynyň onýyllyklara ýetjekdigini habar beripdi.

Ýeri gelende aýtsak, «Gazprom» kompaniýasynyň paýnamalarynyň 50 göteriminden gowragy döwlete degişlidir. Holdingiň işewürligine tebigy gazyň dünýä gorlarynyň 16 göterimi we rus gazynyň 71 göterimi degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň