Soňky habarlar

Arhiw

Malaýziýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Türkmenistan bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär

13:5120.02.2023
0
34314

Malaýziýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogyna taýýarlygyň çäklerinde şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda Türkmenistan we Gonkong bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada Malaýziýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Kim Pan Gonuň sözlerine salgylanyp, «Vocket» habar berdi.

«Biz Türkmenistanyň we Gonkongyň milli ýygyndylaryna mart aýynda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek boýunça teklip iberdik. Türkmenistan FIFA-nyň reýtinginde bizden ýokardaky orunlarda ýerleşýän, güýçli topar. Men olaryň «Bukit Jalil» stadionynda geçirilen oýundaky ýeňliş üçin Malaýziýadan rewanş almak isleýändiklerini eşitdim. Şol sebäpli-de, biz Türkmenistanyň milli ýygyndysyna teklip ýolladyk» diýip, Malaýziýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi belläp geçýär.

Göz öňünde tutulan ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisiniň hem Johor (Malaýziýa) ştatyndaky «Soltan Ibragim» stadionynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda FIFA-nyň reýtinginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy 135-nji, Malaýziýanyň milli ýygyndysy bolsa 145-nji ýerde barýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistan we Malaýziýa şu wagta çenli ýaşyl meýdançada diňe birje gezek duşuşdy. 2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherindäki «Bukit Jalil» stadionynda geçirilen oýun 3:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň