«Köpetdag» «Energetigiň» 18 ýaşly futbolçysyny düzümine goşdy

13:2020.02.2023
0
20670

Marynyň «Energetik» futbol toparynyň ýarym goragçysy Süleýman Mirzoýew täze möwsümde paýtagtyň «Köpetdag» futbol toparynyň üstünlikleri üçin göreşer. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

18 ýaşly futbolçy Mary şäherinde doguldy. Ol geçen ýyl Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň düzüminde Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynyň çäginde dört duşuşyk geçirdi.

TFF-niň ýazyşy ýaly, «Köpetdag» başga-da ýaş futbolçylaryň birnäçesi bilen şertnama baglaşdy.

«Köpetdag» Türkmenistanyň çempionatynyň geçen möwsümini dördünji orunda tamamlady. Topar 28 duşuşykda 45 utuk toplap bildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň