Soňky habarlar

Arhiw

Şu hepde Türkmenistanda güýçli ýeliň bolmagyna garaşylýar

12:0520.02.2023
0
70930

Sişenbe güni — 21-nji fewralda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde güýçli şemal öwüsmegine we tozanly ýel turmagyna garaşylýar. Bu Türkmenistanyň çäginden harasadyň geçmegi bilen baglanyşyklydyr diýip, «Meteožurnal» habar berýär.

Habar berilmegine görä, ýeliň Mary welaýatynda 15-20 m/s çenli, Balkan welaýatynda 14-19 m/s çenli, Lebapda we Ahal welaýatynyň günorta-gündogarynda 12-17 m/s çenli güýçlenmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň