Kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi yglan edildi

08:3820.02.2023
0
23796

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndaky 9378 belgili Karary bilen tassyklanan Kliniki ordinatura hakynda Düzgünnama laýyklykda, kliniki ordinatura ýokary lukmançylyk bilimli, azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolan, 35 ýaşy dolmadyk lukmanlar hem-de lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary (iş ýerlerine ýollaýan iş toparynyň goýbermegi bilen) bäsleşik esasynda kabul edilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Kliniki ordinatura girmek hakynda kliniki ordinatorlary taýýarlamagy amala aşyrýan lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy-kliniki merkeziň direktorynyň adyna arza şu resminamalary goşmak bilen berilýär:

— ýokary bilim hakynda diplomyň nusgasy we onuň goşundysy (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar degişli diplomynyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamasynyň nusgasyny);
— işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz;
— 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy;
— 4x6 sm ölçegdäki üç sany fotosurat;
— zähmet depderçesiniň nusgasy.

Kliniki ordinatura girýän raýat ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakyndaky diplomy (daşary ýurtda bilim alan adamlar diplom we onuň deň derejelidigi hakynda ykrar şahadatnamasyny) we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasyny getirip görkezýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2023-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura kabul etmegi yglan edýär:

14.01.01 — Аkuşerçilik we ginekologiýa 3 ýer
14.01.02 — Endokrinologiýa 3 ýer
14.01.03 — Gulak, burun we bokurdak keselleri 4 ýer
14.01.04 — Iç keselleri 7 ýer
14.01.05 — Kardiologiýa 2 ýer
14.01.06 — Psihiatriýa 1 ýer
14.01.07 — Göz keselleri 3 ýer
14.01.08 — Pediatriýa 6 ýer
14.01.09 — Ýokanç keselleri 2 ýer
14.01.11 — Nerw keselleri 1 ýer
14.01.13 — Şöhle bilen anyklaýyş we bejeriş 2 ýer
14.01.14 — Stomatologiýa 3 ýer
14.01.15 — Trawmatologiýa we ortopediýa 2 ýer
14.01.16 — Ftiziatriýa 1 ýer
14.01.17 — Hirurgiýa 7 ýer
14.01.18 — Neýrohirurgiýa 2 ýer
14.01.19 — Çaga hirurgiýasy 3 ýer
14.01.20 — Anesteziologiýa we reanimatologiýa 6 ýer
14.01.23 — Urologiýa 2 ýer
14.02.02 — Epidemiologiýa (wirusologiýanyň we bakteriologiýanyň esaslary bilen) 4 ýer
14.03.02 — Patologiki anatomiýa 1 ýer
14.03.11 — Dikeldiş lukmançylygy, sport lukmançylygy, bejeriş bedenterbiýesi, kurortologiýa we fizioterapiýa 2 ýer

Kliniki ordinatura girmek üçin arzalar 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 1 — 30-y aralygynda kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 92-67-90, 92-70-86

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi 2023-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura kabul etmegi yglan edýär:

14.01.01 — Akuşerçilik we ginekologiýa 1 ýer
14.01.08 — Pediatriýa 1 ýer
14.01.20 — Anesteziologiýa we reanimatologiýa 2 ýer

Kliniki ordinatura girmek üçin arzalar 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 1 — 30-y aralygynda kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat ş., Görogly köçesi, 80.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 36-93-49.

Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi 2023-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura kabul etmegi yglan edýär:

14.01.12 — Onkologiýa 2 ýer
Kliniki ordinatura girmek üçin arzalar 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 1 — 30-y aralygynda Kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 22.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 48-98-07.

Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana 2023-nji ýylda aşakdaky hünärler boýunça kliniki ordinatura kabul etmegi yglan edýär:

14.01.05 — Kardiologiýa 1 ýer
14.01.26 — Ýürek-damar hirurgiýasy 1 ýer

Kliniki ordinatura girmek üçin arzalar 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 1 — 30-y aralygynda kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow şaýoly, 192.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 36-92-05.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň