Turkmenportal logo
18.02.23
1990619906
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanyň futbol ýygyndysy BAE-niň we Kuweýtiň ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer
Täjigistanyň futbol ýygyndysy BAE-niň we Kuweýtiň ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer

Täjigistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Birleşen Arap Emirlikleriniň we Kuweýtiň ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.


Ýurduň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, 25-nji mart güni Dubaý şäherinde BAE-niň, 28-nji martda bolsa El-Kuweýt şäherinde Kuweýtiň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklary geçiriler. Duşuşyklaryň geçiriljek stadionlary barada biraz soňrak maglumat berler.


Täjigistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Katarda geçiriljek Aziýanyň kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanandygyny ýatladýarys.