Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystany 2023-nji ýylda ilkinji gezek klublaryň arasyndaky futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

17:4618.02.2023
0
22614

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy şu ýyl klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyny kabul etjekdiklerini habar berdi.

Ýaryş 11 ― 22-nji dekabr aralygynda geçiriler. Ol tertip bolsa dünýäniň 20-nji klublaýyn çempionaty bolar. Mälim bolşy ýaly, FIFA tarapyndan guralýan ýaryşa her yklymyň we kabul edýän döwletiň çempionlary gatnaşýar.

Saud Arabystany bu ýaryşy taryhynda ilkinji gezek kabul eder.

2025-nji ýyldan başlap bolsa dünýä çempionaty başga görnüşde geçiriler. FIFA 13-nji fewral güni 2023-nji ýyldaky dünýä çempionatyny häzirki görnüşinde geçirmeli diýen karara geldi. 14-nji fewralda bolsa ony Saud Arabystanynyň kabul etjekdigi mälim boldy.

2000-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän ýaryşda 2022-nji ýylyň ýeňijisi Madridiň «Real» futbol topary boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň