Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

09:5418.02.2023
0
26932

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýne we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

— Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar — diýip, Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýollan hatynda Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Abdulla II ibn Al Husseýne tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistan bilen Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň