Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň hem-de Hökümetiniň Başlygynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Myhman Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň bu gezekki saparynyň Türkmenistanda hökümetara dialogyň dowamy hökmünde kabul edilýändigini belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutany Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň ýakynda Aşgabada amala aşyran resmi saparynyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň netijeliligini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň barşynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şunda gazanylan we dürli ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine täze itergi bermäge gönükdirilen ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine üns çekildi. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ösdürilýän türkmen-rus syýasy dialogynyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şeýle-de döwletara gatnaşyklaryň üstüni ýetirip, many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen parlamentara gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigi barada aýdyldy.
Söhbetdeşligiň barşynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmegiň, ony diwersifikasiýalaşdyrmagyň, özara söwdanyň we maýa goýumlaryň möçberlerini yzygiderli artdyrmak üçin täze, möhüm ugurlara çykmagyň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň zerurdygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk umumy bähbitlere laýyk gelýän we uzak möhletleýin geljegi nazarlap ýola goýulýan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.