Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin kompaniýanyň ähli işgärlerini «Gazpromyň» 30 ýyllygy bilen gutlady we bu ýerde işine ussat, ýokary derejeli hünärmenleriň işleýändigini belledi. Bu barada «РИА» habarlar agentligi mälim etdi.
«Bu gün dünýä belli kompaniýamyz «Gazpromyň» 30 ýyllygyny belleýäris. Russiýanyň iň iri, öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tebigy gaz gorlary hem-de önümçiligi boýunça bütin dünýäde meşhurlyga eýedir. Häzirki wagtda bu ýerde 490 müňden gowrak adam — işçiler, inženerler, geologlar, burawçylardyr gurluşykçylardan başga-da onlarça hünäriň wekilleri, ýokary derejeli hünärmenler zähmet çekýärler. Şu pursatda «Gazpromyň» ýarym million töwregi işgärleriniň ählisini bu şanly sene bilen gyzgyn gutlaýaryn» diýip, Prezident öz gutlagynda aýtdy.
Şeýle hem, döwlet Baştutany penşenbe güni kompaniýanyň başlygy Miller bilen «Gazpromy» ösdürmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşandygyny belledi.
Ýeri gelende, 15-nji fewralda «Gazpromyň» wekilleriniň Türkmenistana iş saparyny amala aşyrandygyny bellemek gerek. Saparyň dowamynda Alekseý Miller Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
«Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilhanasy Türkmenistanda 2003-nji ýyldan bäri işleýär. Şeýle hem 2019-njy ýylyň iýul aýynda rus kompaniýasynyň «Türkmengaz» döwlet konserninden tebigy gazy satyn almak üçin bäş ýyllyk şertnama baglaşandygyny bellemek gerek.