Gazak-türkmen serhedinde ýük daşamalary üçin elektron nobat ýola goýlar

12:0817.02.2023
0
47454

Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhedinde ýük ulaglary bilen serhetden geçmegi çaltlaşdyrmak maksady bilen elektron nobat ulgamy ornaşdyrylar. Bu barada Gazagystanyň Döwlet girdeji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Habar berlişi ýaly, elektron nobat «CarGoRuqsat» onlaýn bronlamak hyzmatynyň üsti bilen ýola goýlar. Hyzmat 22-nji fewraldan başlap, Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhetdäki «Temir-Baba» barlag-goýberiş nokadynda işe giriziler diýlip, habarda aýdylýar.

Häzirki wagtda ulgamda, takmynan, 7,5 müň ulanyjy hasaba alyndy, olar 84 müň sany nobat bronlamak amallaryny ýerine ýetirdiler diýip, çeşme belleýär. Işläp düzüjileriň pikiriçe, hyzmat yzygiderli ösýär we kämilleşýär.

«CarGoRuqsat» hyzmaty Gazagystanda 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri durmuşa geçirilýär. Hyzmat www.qoldau.kz sanly platformasynda işe girizildi we ondan peýdalanmak ulanyjylar üçin mugtdur.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň