Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidentine gynanç bildirdi

22:1116.02.2023
0
40229

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona ýurduň Daglyk-Badahşan awtonom oblastynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, weýrançylyklara getiren gar süýşgünleri zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň