Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

22:0816.02.2023
0
31195

Ýakynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirdi diýip, «Trend» habar berdi.

Ylmy-amaly maslahat «Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň görnükli şahyrydyr» mowzugy boýunça geçirildi. Oňa ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleriniň muşdaklary gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş edenler parahatçylygy we jebisligi, milli gymmatlyklary öňe sürýän beýik şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlanan bu çäräniň ähmiýetine ýokary baha berdiler, şeýle hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we berkitmek baradaky umumy isleglerini mälim etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň