Soňky habarlar

Arhiw

Goragçy Zafar Babajanow «Merwiň» düzümine goşuldy

21:5116.02.2023
0
29116

36 ýaşly goragçy Zafar Babajanow ýedi möwsümden soňra toparyny üýtgedip, «Altyn asyrdan» «Merwiň» düzümine goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

1987-nji ýylyň 9-njy fewralynda Daşoguz welaýatynda doglan futbolçy 2016-njy ýyldan bäri «Altyn asyrda» çykyş edip gelýärdi. Ondan öň ol Türkiýäniň «Kartalspor» we Türkmenistanyň «Ahal» futbol toparlarynda çykyş etdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyndaky ilkinji resmi duşuşygyny 2015-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda geçiren Zafar Babajanow ak-ýaşyl köýnekçäni jemi 12 duşuşykda geýdi we olarda bir gezek tapawutlandy.

Zafar Babajanowyň ozalky toparynyň ― «Altyn asyryň» goragyny «Nebitçiden» Serdar Annaorazow we «Ahaldan» Hoşgeldi Hojowow bilen güýçlendirendigini ýatladýarys.

Geçen ýyl Türkmenistanyň çempionatynda bürünç medal gazanan «Merwiň» şu ýyl AFK-nyň kubogy ugrundaky yklym ýaryşyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň