Eýran türkmen we rus gazyny Günorta Aziýa ýaly islendik ugurda sarp edijilere geçirmegi teklip etdi.
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda Aşgabatda geçirilen Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisiniň çäginde Eýranyň gaz inženerçilik we ösüş kompaniýasynyň (IGEDC) dolandyryjy müdiri we başlygy Reza Nowşadi şeýle diýdi: «Biziň bu meselede käbir tekliplerimiz bar. «Gazproma» we «Türkmengaza» Eýranyň Türkmenistandan we Russiýadan gaz almaga we günortada islän ýurtlaryna eltmäge taýýardygyny resmi taýdan maslahat berdik we teklip etdik».
«Newscentralasia»-nyň habaryna görä, Nowşadi Eýranyň dünýäde iň uly gaz geçiriji ulgamyna eýedigini aýtdy we Pakistana gaz bermäge taýýar diýdi.
Onuň sözlerine görä, Pakistan bilen serhetde bir günde 100 million kub metr kuwwaty bolan turbageçiriji gurulýar. Şeýlelikde Eýranyň günde 100 million kub metre çenli gaz geçirmek mümkinçiliginiň bardygy, bu bolsa ýylda 36,5 milliard kub metr gaza barabardygy aýdylýar.
IGEDC Eýranyň Milli gaz kompaniýasy NIGC-niň golçur kärhanasydyr.