Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

09:5616.02.2023
0
41718

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Durnukly ösüş maksatlary: ýaşlar syýasaty we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistandan belli alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly dünýäniň 23 ýurdunyň ylmy düzümleriniň 50-ä golaý wekilleri gatnaşdylar.

Halkara ylmy-amaly maslahata sanly ulgam sarkaly gatnaşanlaryň hatarynda Gruziýa, Ýaponiýa, Russiýa, ABŞ, Rumyniýa, Germaniýa, Azerbaýjan, Nigeriýa, Gazagystan, Hytaý, Taýland, Efiopiýa, Koreýa, Hindistan ýaly ýurtlaryň wekilleri bar.

Gün tertibine laýyklykda, maslahatda ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti ýaly meselelere garaldy. Maslahatyň çäklerinde uniwersitetiň eýwanynda täzeçil taslamalara we häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryna bagyşlanan sergi guraldy. Sergi sanly ulgam arkaly maslahata gatnaşaýan daşary ýurtly myhmanlara hem göni ýaýlymda görkezildi. Sergide myhmanlar häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlary bolan Emeli aň çözgütleri esasynda işläp taýýarlanan hem-de kiberhowpsuzlyk ulgamyny üpjün edýän programma üpjünçilikleri, sanly we akylly tehnologiýalar, akylly şäher ulgamy, himiýa tehnologiýalary, materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy, nanomateriallar, biotehnologiýalar, genetika we bioinžiniring, biolukmançylyk elektronikasy, innowasiýalaryň ykdysadyýeti, tehnologiýa işewürligi ýaly ugurlar boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işler bilen tanyşdylar.

Maslahatda çykyş edenler bilimiň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm meselelere degip geçdiler we öz geçiren ylmy-barlag işleri barada maglumat berdiler. Şeýle hem halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmekde, durmuş ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmakda, sebit möçberinde hem-de has giň derejede ylmy-tehniki wezipeleri çözmek üçin hyzmatlar ulgamyny emele getirmekde toplanan tejribeler, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlar syýasatynyň we innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti barada aýtdylar. Daşary ýurtly alymlaryň sanly ulgam arkaly çykyşlarynda ylym-bilim, innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi barada giňişleýin maglumatlar berildi. Çykyşlarda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň amaly we usulyýet meseleleri möhüm orun eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň