Arhiw

«Prestige Home» sergiler otagyna ýewropaly öndürijileriň täze mebel nusgalary gelip gowuşdy

09:3616.02.2023
0
28037

«Prestige Home» sergiler otagy Ýewropanyň «Gala Collezione» haryt nyşanynyň täze gabaraly we ýumşak mebelleriniň gelip gowşandygyny habar berýär.

Otaglarynda döwrebap Ýewropa stilini görmek isleýänleriň dykgatyna myhman otaglary we aşhanalar üçin mebel nusgalary: kürsüler we žurnal stollary, telewizorlar üçin tumbalar, diwanlar, garderoblar, nahar stollary we oturgyçlary, gurnama aşhana mebelleri, tekjeler, diwar şkaflary we köp sanly görnüşler hödürlenýär.

Şeýle-de «Prestige Home» «Miele», «Häcker Kitchen», «KtchenAid» we «Loewe» ýaly hojalyk tehnikalaryny öndürýän ýokary derejeli nemes haryt nyşanlarynyň wekilidir. Kompaniýa 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň bazarynda hereket edip gelýär, şol döwürde aşhanalar, myhman otaglary we beýleki otaglar üçin ýüzlerçe taslamany durmuşa geçirip, esasy ýüz tutulýan kompaniýalaryň biri hökmünde oňyn seslenme gazanmagy başardy.

«Prestige Home» sergiler otagy müşderilerine Aşgabat şäheriniň 15-nji tapgyrynyň «Rysgally» binasynda garaşýar.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

  • (+993 12) 19 71 97;
  • (+993 65) 68 77 40;
  • (+993 12) 19 81 98.

Elektron poçta salgysy: info@prestigehome-tm.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň