Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylary gutlady

11:3515.02.2023
0
43293

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

— Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribä daýanýan ygtybarly binýadyny has-da berkitmekde we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürmekde bu giň möçberli serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda belleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hil taýdan täze itergi berilýär, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegi üçin zerur şertler döredilýär. Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge uly ähmiýet berýär. Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň öňden gelýän iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr. Bu ýurt bilen ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat we oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.

Soňky ýyllarda bar bolan mümkinçilikleri ulanmakda bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagy söwda-ykdysady ugurdaky türkmen-eýran gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyny üpjün edýär we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrýar, pudaklaryň köpugurly esasda ösdürilmegine giň ýol açýar.

— Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky uzak möhletli geljege gönükdirilen ýakyn hyzmatdaşlyk möhüm ugurlary öz içine alýar we iki döwletiň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär. Bu gatnaşyklar parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga, iki ýurduň halklarynyň we tutuş sebitiň durnukly ösüşine we abadançylygyna hyzmat edýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda guralan bu giň möçberli çäräniň dowamynda iki ýurduň işewürleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açar — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň