Soňky habarlar

Arhiw

Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynda «Milan» «Tottenhemi» kabul eder

13:3814.02.2023
0
22441

«Milan» Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda «Tottehnemi» kabul eder. Duşuşyk 14-nji fewraldan 15-nji fewrala geçilýän gije «San-Siro» stadionynda geçiriler. Aşgabat wagty bilen 00:45-de başlanjak duşuşyk «Футбол 1» teleýaýlymynda göni ýaýlym arkaly alnyp görkeziler.

«Milan» ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda «E» toparçada ikinji orny eýeläpdi. «Tottenhem» bolsa «D» toparçany birinji orunda tamamlapdy.

Häzirki günlerde «Milanyň» şowsuz oýunlary orta goýýandygyny aýtmak gerek. «Rossonerler» ýanwar aýynda ýedi duşuşygynda utuk ýitirdiler. «Tottenhem» bolsa gyşky arakesmeden soňra «Lesterden» 1:4 hasabynda utulyp, has güýçli garşydaşy ― «Mançester Sitini» 1:0 hasabynda ýeňdi.

Iki topar ozal öz aralarynda ýedi duşuşyk geçirdi. «Milan» olaryň birinde-de ýeňiş gazanyp görmedi, gaýtam bäş gezek ýeňildi. Toparlaryň arasyndaky iň soňky duşuşyk 2018-nji ýylda bolupdy, bu duşuşyk «Tottenhemiň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň