Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda söýgi mukamlaryndan ybarat konsert geçirildi

13:3214.02.2023
0
19043

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda ýaşlar kamera orkestriniň sazandalarynyň paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Söýginiň jadyly sazlary» at bilen konserti boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Konserti alyp baryjy aktýor Wasiliý Andronow şahyrlaryň, ýazyjylaryň, filosoflaryň söýgi barada aýdanlaryny tomaşaçylara ýetirdi.

Ýeri gelende aýtsak, söýgi hakyndaky jümleleriň hiç biri beýlekileriň manysyny gaýtalamady, bu bolsa söýgi hakynda tükeniksiz gürleşip boljakdygyny görkezýärdi.

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar kamera orkestri «Söýgi temasy» sazly bilen konserti açdy. Barri Waýtyň bu eseri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

«Unutmak gämisi» aýdymyny Maýsa Niýazowa, «Maňa söýgi hakynda aýdyp ber» aýdymyny Nury Nuryýew, «Mariýa» aýdymyny Döwran Şammyýew, «Men simfoniýany diňleýärin», «Anna Karenina» müziklinden «Gar tupany» aýdymlaryny Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowa ýerine ýetirdiler we olarda biri-birini söýýän iki ýüregiň owazy täsirli ýaňlandy.

Aýdymçylar diňe bir ajaýyp wokal çykyşlary bilen däl-de, eýsem, çykyşlarynyň döredijilikli çeperçiligi bilen hem tomaşaçylary begendirdiler.

«Art-motion» şow-dueti bal tansynyň ajaýyp gözelligi bilen jübütleriň gatnaşyklarynyň beýikligini nygtady. Entoni Hopkinsiň «Walsynyň» konserte goşulmagy hem garaşylmadyk ýakymly ýagdaý boldy.

Iki sagat dowam eden konsert bir örän täsirli geçdi. Tomaşaçylar bilen hoşlaşanda Resul Gylyjow: «Söýgi iň möhüm duýgudyr, söýgimiz gün-günden berkesin we ömrümiziň ahyryna çenli dowam etsin» diýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň