Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Tbilisidäki ilçisi Gruziýanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy

20:2113.02.2023
0
31089

Şu gün Türkmenistanyň Tbilisidäki ilçisi Döwletmyrat Myradow bilen Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidenti Georgiý Kwesitadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň arasynda medeni-ynsanperwer we dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant boljak çäreleri geçirmegiň, şeýle hem mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasynda öň gol çekilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň iki ýurduň alymlarynyň arasynda göni aragatnaşyk gurmaga, şeýle hem intensiw ösüşe we ylmy hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagyna ýardam edendigi bellendi.

Ilçi D.Myradow 2024-nji ýylda Türkmenistanda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini, bu möhüm çäräni bellemek üçin taýýarlyk işleriniň eýýäm alnyp barylýandygyny aýtdy.

Habar berlişi ýaly, öz gezeginde jenap G.Kwesitadze mundan beýläkki hyzmatdaşlyga we iki ýurduň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň işjeň ösjekdigine ynanýandygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň