Soňky habarlar

Arhiw

BAE hünärmenleri Ahal welaýatynyň baş metjidiniň gurluşygyna ýardam bermäge taýýar

22:5512.02.2023
0
22676

Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleri Ahal welaýatynyň baş metjidiniň gurluşygyna ýardam we maslahatlary bermäge, öz tejribelerini paýlaşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu barada olar şu gün Abu-Dabide türkmen wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda mälim etdiler diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gepleşikler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde geçirildi. Türkmenistanyň müftüsi we «Altyn» hojalyk jemgyýetiniň baş hünärmeni BAE-de iň uly «Şeýh Zaýed» metjidine baryp gördüler hem-de onuň binagärlik-tehniki aýratynlyklary bilen içgin tanyşdylar.

Şeýle hem habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň müftüsi we «Altyn» hojalyk jemgyýetiniň baş hünärmeni metjidiň gözden geçirilişinde çäkleri abadanlaşdyrmak, içki we daşky bezeg, yşyklandyryş ulgamy we beýlekiler bilen baglanyşykly özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň