Turkmenportal logo
11.02.23
2377823778
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
FIFA ýylyň oýunçysy bolmaga dalaşgär üç futbolçyny yglan etdi
FIFA ýylyň oýunçysy bolmaga dalaşgär üç futbolçyny yglan etdi

Halkara Futbol federasiýasy 2022-nji ýylyň iň güýçli futbolçysyny kesgitlemek üçin dalaşgärleriň sanyny üçe getirdi.


Bolup biljek iň gysga sanawda PSŽ-niň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi, onuň topardaşy Kilian Mbappe we «Realyň» fransiýaly hüjümçisi Karim Benzema bar. Ýeňiji 27-nji fewralda Pariž şäherinde yglan ediler.


Messiniň geçen ýyl milli ýygyndy bilen dünýäniň çempiony bolandygyny ýatladýarys. Mbappe bolsa ýaryşyň finalyna çenli baryp ýetip, iň netijeli futbolçy bolmagy başardy. Benzema şikes sebäpli mundiala gatnaşyp bilmedi.