Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky Mukamlar köşgüniň sahnasynda brodweý sazlary ýerine ýetirildi

21:2410.02.2023
0
46689

Şu gün Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, amerikaly sungat ussatlary Keýt Bass we Aaron Ýangyň hem-de türkmen aýdymçylary Döwran Şamyýewdir Dünýägözel Begaliýewanyň we Türkmenistanyň Döwlet horunyň gatnaşmagynda konsert geçirildi.

Sahnada brodweýiň nusgawy eserlerinden «Kandid», «Günbataryň hekaýasy», «Operanyň fantomiýasy», «Karib deňziniň garakçylary», «Rapunsel», «Aladdin» ýaly eserler hem-de Dýuk Ellingtonyň jaz kompozisiýasy ýaňlandy.

Konserte müňden gowrak aýdym-saz janköýerleri gatnaşdy.

Konsert maksatnamasyny ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Stiwen Klimow açdy we bu çäräniň ilçihana tarapyndan daşary ýurtlarda ýaýbaňlandyrylýan Amerikan aýdym-saz maksatnamasynyň çäginde guralandygyny aýtdy.

10 günlük maksatnamanyň dowamynda amerikaly we türkmen sazandalary çeperçilik we wokal tehnikasy boýunça tejribe alyşdylar. Keýt Bass we Aaron Ýang, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrindäki kärdeşleri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we Döwlet hory bilen ýakyndan işleşdiler.

Konserte taýýarlyk bir hepde dowam etdi.

Döwlet departamentiniň daşary ýurtlardaky Amerikan aýdym-saz maksatnamasy «Amerikan sesi» birleşigi tarapyndan dolandyrylýar. Bu maksatnama diňleýjilere Amerikanyň dünýäniň aýdym-saz medeniýetine goşan goşandyny, medeniýetler aragatnaşygyny ösdürmäge we konsertler, bilelikdäki çykyşlar, leksiýalar we seminarlar arkaly adamlaryň arasynda baglanyşyk gurmaga çalyşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň