Arhiw

Türkmenistanda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda ders olimpiadasy geçiriler

10:2010.02.2023
0
35231

Türkmenistanyň ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhy, iňlis dili, matematika, türkmen dili, dersleri boýunça olimpiada yglan edildi. «Watanyň daýanjy — bilimli ýaşlar, Arkadag Serdaryň guwanjy ýaşlar!» atly olimpiada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli geçirilýär.

Olimpiadanyň maksady zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmakdan, olaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak endiklerini kämilleşdirmekden hem-de giriş synaglaryň tabşyryljak dersleri boýunça bilimleriniň derejesini kesgitlemekden ybaratdyr.

Olimpiada Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän ähli mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň gatnaşmaga hukugy bolup, olar 20-nji marta çenli degişli maglumatlaryny elektron poçta: tdimhgi2023@gmail.com salgysyna ugratmaly. Okuwçylaryň hasaba alnandyklary barada elektron salgylaryna 3-nji aprele çenli gatnaşmak üçin hasaba alnar hem-de bellenilen sene, wagty görkezilen çakylyklar ýollanar.

Olimpiadanyň jemleri boýunça I, II, III ýerlere hem-de höweslendiriji orunlara mynasyp bolan institutyň Hormat hatyna we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen institutda 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda geçiriljek «Açyk gapylar» gününde sylaglanarlar.

Olimpiadanyň geçiriliş tertibi bilen bagly has giňişleýin maglumaty TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi web saýtyndan alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • Tel: +993 12 223350,
  • E-poçta: tdimhgi2023@gmail.com
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň