Turkmenportal logo
09.02.23
2393923939
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün, 9-njy fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy.


Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary bilen gatnaşyklarynyň netijeliligini nygtadylar, häzirki we geljekki taslamalary gözden geçirdiler hem-de hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada söhbet etdiler. Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ýurduň daşary syýasatynyň strategiki ugrudygy nygtaldy. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.


Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.