Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystan Türkmenistanyň üstünden Russiýa çykmagy meýilleşdirýär

16:2309.02.2023
0
52818
Gyrgyzystan Türkmenistanyň üstünden Russiýa çykmagy meýilleşdirýär
Surat: kabar.kg

Golaýda Gyrgyzystanyň Hökümetiniň Russiýa çykmaga mümkinçilik berjek günorta ulag geçelgesini döretmek meselesiniň üstünde işleýändigi barada habar berildi. Bu geçelge Gyrgyzystanyň günorta sebitlerinden Özbegistana, Türkmenistanyň üsti bilen Hazar deňzine we Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan Astrahana çenli uzar. Täze ugur ulag we logistika geçelgelerini birleşdirer we özara söwdanyň mukdaryny artdyrar. Taslamanyň üstünde ulag we ykdysadyýet ministrlikleri, şeýle hem ýük daşaýjylar işleýär diýip, gyrgyz elektron neşirlerinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, bu düýbünden täze ulag geçelgesi bolar. Özbegistanyň üstünden Türkmenistana, Hazar deňziniň üsti bilen Astrahana çenli täze geçelgäniň döredilmegi Gyrgyzystanyň, şol sanda deňizýaka ýurtlaryň hem ykdysadyýetini ösdürmekde täze başlangyç bolar. Bu barada Gyrgyzystanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Temir Sariýew günorta ulag geçelgesiniň döredilmegi barada metbugata beren interwýusynda belläp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň