Soňky habarlar

Arhiw

Goragçy Serdar Annaorazow «Altyn asyra» gaýdyp geldi

12:2509.02.2023
0
18028

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň metbugat gullugy toparyň ozalky goragçysy Serdar Annaorazow bilen şertnama baglaşylandygyny habar berdi.

32 ýaşly goragçy «Nebitçiden» paýtagtyň toparyna erkin oýunçy hökmünde geçdi. Ol «Altyn asyrda» ozal 2014 ― 2018-nji ýyllar aralygynda hem çykyş edipdi.

1990-njy ýylda Aşgabatda doglan Serdar Annaorazow futbol ýoluna Türkmenistanda başlady. Paýtagtyň HTTu topary onuň uly futboldaky ilkinji topary boldy. Ol bu topar bilen 2013-nji ýylda Türkmenistanyň çempiony we ýurduň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy, 2014-nji ýylda bolsa Aziýanyň üçünji derejeli klublaýyn ýaryşynda ― AFK-nyň Prezidentiniň kubogynda ýeňiji boldy. 2015-nji ýylda «Altyn asyra» goşulan goragçy topar bilen bassyr dört gezek ýurduň çempiony boldy.

Futbol ýoluny 2019-njy ýylda «Ahalda» dowam etdiren Annaorazow 2021-nji ýylda erkin oýunçy hökmünde «Nebitçä» geçdi.

Häzire çenli milli ýygyndyda 39 duşuşyk geçiren Serdar Annaorazow ak-ýaşyl köýnekçäni ilkinji gezek 2011-nji ýylyň 28-nji iýulynda Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Indoneziýanyň ýygyndysyna (3:4) garşy geýdi.

Türkmenistanyň wise-çempionynyň geçen möwsümiň iň netijeli futbolçysy Didar Durdyýewi, derwezeçi Resul Çaryýewi, hüjümçi Selim Nurmyradowy, goragçy Hoşgeldi Hojowowy (ählisi «Ahaldan») we ýarym goragçy Yhlas Saparmämmedowy («Köpetdagdan») düzümine goşandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň