«Altyn asyr» Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bäş futbolçysyny düzümine goşdy

20:4708.02.2023
0
27048

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary düzümini täze futbolçylaryň bäşisi bilen güýçlendirendigini habar berdi.

Türkmenistanyň wise-çempionynyň düzümine geçen möwsümiň iň netijeli futbolçysy Didar Durdyýew, derwezeçi Resul Çaryýew, hüjümçi Selim Nurmyradow, goragçy Hoşgeldi Hojowow (ählisi «Ahaldan») we «Köpetdagdan» ýarym goragçy Yhlas Saparmämmedow goşuldy.

Bu futbolçylaryň bäşisi hem Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalarydyr.

Geçen ýyl çempionlygyny gorap bilmedik «Altyn asyr» täze möwsümde-de diňe çempionlyk üçin göreşer. Topar ýurduň wise-çempiony hökmünde şu ýyl AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşar. Bu ýaryşa sentýabr aýynda badalga berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň