Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandan ynsanperwerlik ýüki we saglygy goraýyş işgärleri ugradylan uçar Türkiýä geldi

13:0008.02.2023
0
40900

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasynyň ynsanperwerlik ýüki we saglygy goraýyş işgärleri ugradylan Il-76TD uçary güýçli ýer titremesinden ejir çeken ilata kömek bermek üçin sişenbe güni Gazantepiň howa menziline (Türkiýe) gelip gondy.

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen Aşgabat howa menzilinden Türkiýä derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik ýüki ugradyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, pida bolanlara kömek edýän kärdeşlerine zerur ýardamy bermek üçin lukmanlar we lukmançylyk işgärleri Türkiýä iberildi.

«Doganlyk halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak we ösdürmek ýaly asylly däpler, zerur bolanda kömek goluny uzatmak türkmen halkynyň durmuşynda asyrlardan bäri dowam edip, nesilden-nesle geçip gelýär. Türkiýede bolup geçen tebigy heläkçilik köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, uly möçberli weýrançylyklara getirdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurduň Baştutanyna gynanç hatyny iberdiler. Hatlarda şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözler, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dilegler beýan edildi.

Biziň ýurdumyz halkymyzyň özboluşly milliligine mahsus bolan ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, tebigy betbagtçylyk baradaky habara dessin seslenip, taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň köpasyrlyk umumylygy birleşdirýän doganlyk halk üçin ynsanperwerlik kömegini ugratdy.

Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde berilýän goldaw hem-de şeýle çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwerlik maksatlaryna ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr» diýlip, Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda aýdylýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň