Turkmenportal logo
08.02.23
5271152711
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Raisini Eýranyň milli baýramy bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Raisini Eýranyň milli baýramy bilen gutlady Surat: tdh.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä hem-de ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.


— Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara düşünişmegiň we birek-birege goldaw bermegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar — diýip, Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belleýär.
Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda ýakyn goňşy ýurt bolan Eýran Yslam Respublikasy bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlylygy tassyklap, özara gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.


Türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Eýran Yslam Respublikasynyň ähli doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.