Soňky habarlar

Arhiw

Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlady

22:5307.02.2023
0
12391

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

— Sizi halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Munuň özi doganlyk Türkmenistanyň halkynyň milli erk-isleginiň, Size bolan belent ynamynyň beýanydyr, Siziň durmuşa geçiren oňyn syýasatyňyza, tutanýerli we ýadawsyz tagallalaryňyza berlen ýokary sylagdyr, doganlyk Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, abadançylygy ugrunda bitiren hyzmatyňyza goýulýan sarpadyr — diýip, Ilham Aliýew «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlag hatynda belleýär.

Ilham Aliýew taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan dostlukly gatnaşyklaryň türkmen we azerbaýjan halklaryny birleşdirýändigini nygtaýar.

— Häzirki wagtda bu hoşniýetli ýörelgelere daýanýan döwletara gatnaşyklar, özara ynama we goldawa esaslanýan hyzmatdaşlygymyz okgunly ösdürilýär. Siz azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de hil taýdan täze derejä çykarylmagyna uly goşant goşduňyz. Biziň halklarymyzyň erk-islegine daýanýan döwletara gatnaşyklaryň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn — diýip, azerbaýjan Lideri belleýär.

Gutlag hatynyň ahyrynda Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýär.

Habar berşimiz ýaly, mundan öň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlaglaryny iberdiler.

Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda ozalky Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýurduň öňki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işini bes edip, döwletiň kanun çykaryjy edarasyny bir palataly ulgama geçirmek, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Şoňa laýyklykda, 21-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Şol gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Gurbanguly Berdimuhamedowy bellemek hakyndaky Permana, şeýle-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda», «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» we «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň