Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Çaryýewi düzümine goşdy

05:4508.02.2023
0
24548

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol toparynyň metbugat gullugy «Ahalyň» we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Resul Çaryýewiň topara goşulandygyny habar berdi.

Türkmen ýygyndysynyň 22 ýaşly wekili ýurduň sekiz gezek çempiony bilen şu möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşdy.

1999-njy ýylda Aşgabatda dünýä inen Resul Çaryýew uly futbola 2019-njy ýylda «Köpetdagyň» hatarynda geldi. 2021-nji ýylyň başynda bolsa ol «Ahalyň» düzümine goşuldy. Resul Çaryýew «Ahaldaky» ilkinji resmi duşuşygyny AFK-nyň kubogy ― 2021-iň çäginde şol ýylyň 14-nji maýynda Täjigistanyň «Rawşan» toparyna garşy geçirdi.

Geçen ýyl «Ahalyň» düzüminde Türkmenistanyň çempiony bolan Resul Çaryýew ýurduň Kubogyny hem gazandy. Şeýle hem Türkmenistanyň çempionaty ― 2022-niň «Iň gowy derwezeçisi» diýlip yglan edildi.

Resul Çaryýew Türkmenistanyň milli ýygyndysyna ilkinji gezek 2021-nji ýylyň baharynda çagyryldy. Milli ýygyndynyň esasy derwezeçisi Mämmet Orazmuhammedowyň şikes almagyndan soňra baş tälimçi Ýazguly Hojageldiýew Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy bilen myhmançylykda bolan duşuşykda (0:5) Resula derwezäni goramagy ynandy. Duşuşygyň hasaby, elbetde, ýaş derwezeçiniň milli ýygyndydaky ilkinji ädiminiň şowly bolmandygyny görkezýär. Resul Çaryýew milli ýygyndyda iki duşuşyk geçirdi.

Geçen ýyl Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy bilen Aziýanyň kubogynyň 1/8 finalyna çenli baryp ýeten Resul Çaryýew dört duşuşykda-da ýygyndynyň derwezesini gorady.

Transfermarkt portaly oňa 125 müň ýewro baha kesýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň