Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy mart aýynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer

10:2407.02.2023
0
19924

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy mart aýynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy mart aýynda ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek üçin daşary ýurt federasiýalarynyň ikisi bilen gepleşikleri geçirdi. Has takygy, Malaýziýanyň we Filippinleriň ýygyndylaryň bu duşuşyklarda türkmen futbolçylarynyň garşydaşy bolmagyna garaşylýar.

«Biz hemişe ýeňşe bolan höwesli, güýçli topary döretmek isleýäris. Hut, şu maksat bilen hem indiki aýda ilkinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygym üçin toplanyşarys» diýip, ýurduň milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi Mergen Orazow neşiriň habarçysyna gürrüň berdi.

Deslapky maglumatlara görä, türkmen ýygyndysy 23-nji martda Kuala-Lumpur şäherinde Malaýziýanyň, 27-nji martda bolsa Manila şäherinde Filippinleriň futbol ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrlaryna ýokary derejede taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 34 ýaşly hünärmen Mergen Orazow bilen şertnama baglaşandygyny ýatladýarys.

Türkmen ýygyndysynyň saýlama tapgyrdaky ilkinji garşydaşlary öňümizdäki baharda geçiriljek bije çekişligiň netijesinde belli bolar. Saýlama duşuşyklara şu ýylyň güýzünde badalga berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň