Soňky habarlar

Arhiw

APL-yň 22-nji tapgyry Keýniň ýubileý goly bilen tamamlandy

16:0106.02.2023
0
36171
APL-yň 22-nji tapgyry Keýniň ýubileý goly bilen tamamlandy
Surat: metaratings.ru

«Tottenhem» — «Mançester Siti» oýny bilen Angliýanyň premýer-ligasynyň 22-nji tapgyry tamamlandy. Tapgyryň merkezi oýny 1:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. «Şporlara» ýeňiş getiren ýeke-täk gol 15-nji minutda Garri Keýniň adyna ýazyldy. Şeýlelikde, Keýn bu gol arkaly «Tottenhemiň» lybasynda APL-da uran gollarynyň sanyny 200-e tegeläp, birbada birnäçe rekordlary täzeledi. Has takygy, ol bir toparyň düzüminde APL-da 200 gol uran ilkinji oýunçy boldy. Bu ugurda Keýnden soňraky orunlarda «Mançester Sitide» oýnan Serhio Aguero (184 gol) we «Mançester Ýunaýtedde» çykyş eden Ueýn Runi (183) bar. Mundan başga-da, Keýn ýaryşda 200 golluk sepgide iň tiz ýetmekdäki (304 oýun) rekordy hem täzeledi. Mundan ozal bu rekord bäsleşikdäki 306-njy oýnunda 200 gol uran Alan Şirere degişlidi. Düýnki gol Keýniň umumylykda «Tottenhemiň» lybasyndaky 267-nji goly bolup, ol bu ugurda Jimmi Griwzi yzda galdyrdy hem-de klubyň taryhyndaky iň gowy bombardire öwrüldi.

Ýeri gelende bellesek, APL-yň 22-nji tapgyrynda başga-da birnäçe üns çekiji netijeler hasaba alnyp, olarda «Arsenal» «Ewertondan» (0:1), «Liwerpul» «Wulwerhemptondan (0:3) ýeňlişe sezewar boldy. Şeýle-de «Çelsi» «Fulhem» bilen (0:0), «Nýukasl» bolsa «West Hem» bilen (1:1) deň oýnady. Tapgyrda üç utuk alan ilkinji dörtlükdäki ýeke-täk topar bolan «Mançester Ýunaýted» bolsa «Krystal Pelasy» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, 22-nji tapgyrdan soňra 20 oýunda 50 utuk toplan «Arsenal» birinji, 21 oýunda 45 utuk toplan «Mançester Siti» ikinji, edil şonça oýunda 42 utuk toplan «Mançester Ýunaýted» bolsa üçünji ýerde barýar. Güýçli dörtlügi 21 oýunda 40 utuk gazanan «Nýukasl» jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň