Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly alym buýan kökünden arassa glissirrizin turşusyny almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi

10:5006.02.2023
0
35850

Türkmenistanly ýaş mugallym ilkinjileriň biri bolup, buýan kökünden arassa glissirrizin turşusyny almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu barada Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnaly habar berýär.

Bu ylmy gözleg Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy, ýaş alym Ogulnur Rozyýewa degişlidir.

– Buýanyň güýçli biologiki täsirleriniň bardygy göz öňünde tutulyp, ondan alynýan glisirrizin giperkalemiýa garşy, gan basyşyny kadalaşdyrýan, diuretik (peşew çykaryjy), ýürek ritmini kadalaşdyrýan, gan lagtalandyryjy dermanlaryň, gormon terapiýasynda we doguma gözegçilik etmek üçin ulanylýan, kortikosteroidler bilen bagly bozulmalary bejermek üçin taýýarlanýan dermanlaryň düzümine goşulýar — diýip, ýaş alym gürrüň berýär.

Işiň ýerine ýetirilişi barada makala dolulygyna žurnalda paýlaşylýar. Bu iş barada dolulygyna şu salgydan okap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň