A.Jepbarow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň KHBS boýunça metbugat wekili wezipesini ýerine ýetirer

22:2104.02.2023
0
36856

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäherine we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu iki şäherde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle-de Arkadag şäherinde iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça metbugat wekili wezipesiniň «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory Azat Jepbarowyň üstüne ýüklenilýändigini belläp, oňa bu işleri alyp barmak babatda birnäçe maslahatlary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň