Soňky habarlar

Arhiw

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde iş maslahatyny geçirdi

22:0804.02.2023
0
35302

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäherine we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu iki şäherde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Ir bilen Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparyndan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine bardy. Bu ýerde Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäheriň gurluşygynda häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleri synlady.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowyň, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda oňa gatnaşyjylar häzirki wagtda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda 2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurduň ösüşlerini giňden wagyz etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler.

Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewe ýüzlenip, işleri döwrebap ýola goýmakda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şeýle-de Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowa degişli ugur boýunça tejribe alyşmak, işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynda möhüm ähmiýeti bolan başlangyçlary taýýarlamak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunda halk bilen ysnyşykly hereket etmegiň, halk arasynda ýygy-ýygydan bolup, degişli wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň sazlaşykly ösüşiň baş şertini emele getirýändigini belledi.

Iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip, bu iki şäheriň özboluşly aýratynlyklarynyň bolmagynyň kanunalaýyklykdygyny, şäher ösüşinde özara tejribe alşylmagynyň wajypdygyny belledi.

Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň garamagyna Ahal welaýatynyň Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň enjamlaşdyrylyşy, onuň bölümleriniň ýerleşdirilişi barada maglumat berýän çyzgylary we taslamalary görkezdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy desgalar gurlanda we timarlaýyş işleri geçirilende ýokary hilli serişdeleriň ulanylmagy, ýurduň howa şertlerini, ekologiýa we halkyň milli bezeg aýratynlyklaryny nazara almak bilen, şol serişdeleriň berkligi we amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe öwüt-ündewlerini berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalary synlap, olar durmuşa geçirilende ýokary hiliň üpjün edilmelidigine aýratyn ünsi çekdi.

Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow işleriň ýokary hilli, döwrebap ýerine ýetirilmegi babatda öwüt-ündewlerini berip, iş maslahatyny jemledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy üçin bölünip berlen ýerleriň, şol sanda olaryň ekologiýa ýagdaýynyň, seýsmiki durnuklylygynyň hem-de beýleki degişli görkezijileriň alymlar tarapyndan içgin öwrenilmelidigini aýdyp, bu işleri netijeli dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň