Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň futbol ýygyndysy Hindistanyň we Mýanmanyň ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirer

19:5404.02.2023
0
24824

Gyrgyzystanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ýetip gelýän baharda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. Ýurduň futbol birleşiginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, bu duşuşyklar Hindistanyň we Mýanmanyň ýygyndylary bilen geçiriler.

Gyrgyz ýygyndysy häzirki wagtda FIFA-nyň reýtinginde 94-nji orny eýeleýär. 2019-njy ýylda Aziýanyň kubogynyň 1/8 finalyna çenli baryp ýeten ýygyndy öz güýjüni Aziýanyň kubogy ― 2023-de hem synar. Soňky üç duşuşygynda Mýanmany 2:0 hasabynda utan ýygyndy Täjigistan bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady, Russiýadan bolsa 1:2 hasabynda asgyn geldi.

Aziýanyň kubogy ― 2023-e taýýarlygyň çäklerinde gyrgyz ýygyndysy mart aýynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Ýoldaşlyk duşuşyklary şol ýygnanyşygyň çäklerinde bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň