Soňky habarlar

Arhiw

Daşary ýurt kompaniýalaryndan oba hojalyk tehnikalary üçin serişdeler satyn alnar

17:1304.02.2023
0
54962

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine bugdaý ýygýan kombaýnlar, sürüm we bejergi traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, tigirleri, çalgy ýaglaryny, sarp ediş serişdelerini satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky Karara 3-nji fewralda gol çekdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň