Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lankanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

12:0004.02.2023
0
29326

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Ranil Wikremesinghe mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ranil Wikremesinghe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň