Turkmenportal logo
04.02.23
5510255102
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda şäher we etrap häkimliklerinde raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça kabul edişlik geçiriler
Aşgabatda şäher we etrap häkimliklerinde raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça kabul edişlik geçiriler

Fewral aýynyň dowamynda Aşgabat şäherinde raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça kabul edişlikler geçiriler.


Aşgabat şäher häkimliginiň resmi web-saýtynda habar berlişi ýaly, Aşgabat şäher hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýleki degişli edara-kärhanalaryň wekillerinden döredilen raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça Aşgabat şäher we etrap toparlarynyň 2023-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabat şäher häkimliginiň we etrap häkimlikleriniň edara binalarynda kabul edilýän günleriniň tertibi mälim edildi.


Kabul edişlikler şu aşakdaky görkezilen günlerde geçiriler:


  • Aşgabat şäher häkimligi: 4-nji, 11-nji we 25-nji fewralda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli;
  • Berkararlyk etrap häkimligi: 4-nji, 11-nji, 18-nji we 25-nji fewralda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli;
  • Köpetdag etrap häkimligi: 4-nji, 11-nji, 18-nji we 25-nji fewralda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli;
  • Bagtyýarlyk etrap häkimligi: 4-nji, 11-nji, 18-nji we 25-nji fewralda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli;
  • Büzmeýin etrap häkimligi: 4-nji, 11-nji, 18-nji we 25-nji fewralda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli.