Turkmenportal logo
03.02.23
4686246862
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmengaz» degişli möçberdäki suwuklandyrylan gazy Özbegistana muzdsuz berer
«Türkmengaz» degişli möçberdäki suwuklandyrylan gazy Özbegistana muzdsuz berer

3-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de Özbegistana dost-doganlyk goldawyny bermek maksady bilen, Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine degişli möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Özbegistan Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.