Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi geçirildi

21:4903.02.2023
0
35711
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi geçirildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçen, 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri seljerildi, ýurtda asudalygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmegiň, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde geçen, 2022-nji ýylyň dowamynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurtda asudalygy we howpsuzlygy, berk düzgün-tertibi, kanunlaryň gyşarnyksyz berjaý edilişini üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda birnäçe guramaçylyk meselelerine-de seredildi. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanlary bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine, Milli howpsuzlyk ministrligine, şeýle-de Döwlet migrasiýa gullugyna täze ýolbaşçylar bellenildi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen «Goşun generaly» diýen harby adyň dakylmagy mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň hem-de işgärleriniň adyndan gutlap, Watan goragçylarynyň ýurda, halka, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.

Mejlisde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa «Goşun generaly» diýen harby adyň nyşany dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň